Türk Goranyş Senagaty Nemes Metbugatynyň Üns Merkezinde

Türkiýäniň goranyş senagatynda gazanan üstünlikleri nemes metbugaty tarapyndan seljerildi.

2025383
Türk Goranyş Senagaty Nemes Metbugatynyň Üns Merkezinde

“Frankfurter Allgemenine” gazeti Türkiýäniň güýçlenýän goranyş senagaty hakynda analiz makala çap etdi.

Andreas Mihmyň makalasynda “Türk goranyş senagaty indi has başarjaň” diýilýar we köp sanly ýurduň türk uçarmansyz howa ulaglaryna isleg bildirýändigine üns çekilýär.

Gazet “Uçarmansyz howa ulaglary diýlende Türkiýe tehnologiýa, harby we ykdysady taýdan güýje öwrüldi” diýip, ýazdy.

Makalada “Baýraktar TB2” dronlarynyň üstünligine aýratyn üns çekilýar.

Dronlar hakynda öwgüli sözler aýdylýan makalada, şol ulaglaryň dürli ugurlarda synagdan geçirilendigi mälim edilýar.

Türk goranyş senagatynyň diňe bir dronlar bilen çäklenmeýandigine ünsleri çekýän gazet, Stambulda geçirilen Halkara goranyş senagaty sergisi hakynda-da maglumat berýar.

“Her ýylyň iýul aýynda pudak, sergiden nämeleriň hötdesinden gelinýändigini görkezýär. Harby goşuna gerek bolan ähli zat sergilenýär” diýilýär.

Makalada şu ýyl Halkara goranyş senagaty sergisine 800 sanysy daşary ýurtlardan jemi 1500 firmanyň gatnaşandygyna üns çekilýär.



Degişli Habarlar