Putin Salgyt Hakyndaky Ylalaşygyň Käbir Hökümlerini Bes Etdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin “dost däl ýurtlar” hökmünde häsýetlendirilen käbir günbatar ýurtlary bilen salgyt hakyndaky ylalaşyklarynyň käbir hökümlerini bes etdi.

2021948
Putin Salgyt Hakyndaky Ylalaşygyň Käbir Hökümlerini Bes Etdi

Putin tarapyndan gol çekilen karara laýyklykda dost däl ýurtlar bilen girdejiler we emläkler boýunça ikitaraply salgytlandyrmalary öz içine alýan şertnamalaryň hökümleri bes edildi.

Rus hökümetine degişli hökümleriň bes edilmeginiň ykdysadyýete ýetirjek zyýanlarynyň azaldylmagy boýunça görkezme berilen permanda, Russiýanyň Daşary işler ministrligine hem degişli ýurtlara karar hakynda degişli maglumatyň berilmegi üçin görkezme berildi.

Günbatar ýurtlary Ukraina söweşi sebäpli Russiýa giň gerimli sanksiýalar goýan bolsa, Russiýa hem şol ýurtlara garşy sanksiýalary girizýär.



Degişli Habarlar