Hytaýda mekdebiň üçeginiň çökmegi netijesinde 11 adam ýogaldy

Hytaýyň Heýlunszýan welaýatyndaky mekdepleriň biriniň sport zalynyň üçeginiň çökmegi netijesinde 11 adam ýogaldy

2015393
Hytaýda mekdebiň üçeginiň çökmegi netijesinde 11 adam ýogaldy

Şinhua habarlar agentligi tarapyndan berilen maglumata görä, mekdebiň sport zalynyň üçegi ýekşenbe güni agşam çökdi. 

Sebitiň ýangyn söndüriji we halas ediş toparlary tarapyndan berilen beýanatda, üçek çöken mahaly sport zalynda 19 adamyň bardygy habar berildi. 

Harabalyklaryň aşagynda galan 4 adamyň öz mümkinçilikleri bilen çykandygy, 15 adamyň bolsa üçegiň aşagynda galandygy habar berildi. 

Resmiler harabalyklaryň aşagyndaky 11 adamyň jesediniň tapylandygyny, 4 adamyň bolsa ýaraly ýagdaýda halas edilendigini mälim etdiler. 

Geçirilen deslapky derňewde sport zalynyň gurluşygynda üçekde bikanun ýagdaýda perlit materialynyň ulanylandygy anyklandy. 

Şol materialyň ýagyş ýagan mahaly suwy özüne siňdirendigi we agyrlaşyp üçegiň çökmegine sebäp bolandygy mälim edildi. 

Derňew işiniň çäginde üçegiň gurluşygynda iş alyp baran adamlar göz tussaglygyna alyndy. 


Etiketkalar: #mekdep , #üçek , #Hytaý

Degişli Habarlar