Gresiýada Geçirlen Saýlawda Kirýakos Mikotakis Üstünlik Gazandy

Täze demokrat partiýasy 300 kürsüli mejlisde 158 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

2004257
Gresiýada Geçirlen Saýlawda Kirýakos Mikotakis Üstünlik Gazandy

Gresiýada geçirlen saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, soňky 4 ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Kirýakos Mikotakisiň ýolbaşçylygyndaky Täze demokrat partiýasy saýlawda üstünlik gazandy.

Sesleriň 40,56 göterimini alan Täze demokrat partiýasy 300 kürsüli mejlisde 158 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Sesleriň 17,83 göterimini alan Radikal çepçi hyzmatdsaşlyk Syryza, 47 halk deputaty bilen mejlisde wekilçilik eder.

Saýlawda sesleriň11,86 göterimini alan PASOK-KYNAL hyzmatdaşlygy mejlisde 32,  sesleriň 7,67 göterimini alan KKE partiýasy mejlisde 20 halk deputaty bilen wekilçilik eder.

Prezident Katerina Sakelaropulynyň hökümeti gurmak jogapkärçiligini bermek üçin Mikotaskisi kabul etjekdigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar