Guterreş, Russiýanyň Galla Geçelgesi Ylalaşygyny Dowam Etdirmegine Kanagatlanma Bildirdi

Guterreş, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen çaknyşyklarda asuda ilatyň goralmagy temaly oturluşyga gatnaşdy.

1989979
Guterreş, Russiýanyň Galla Geçelgesi Ylalaşygyny Dowam Etdirmegine Kanagatlanma Bildirdi

 

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Gutereş, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy we BMG bilen Russiýanyň arasynda baglaşylan ylalaşyk teswirnamasynyň ýerine ýetirilmegi meselesinde käbir kynçylyklaryň bardygyny aýtdy.

Guterreş, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen çaknyşyklarda asuda ilatyň goralmagy temaly oturluşyga gatnaşdy.

Russiýanyň ylalaşygy ýene-de 60 gün dowam etdirjekdigini beýan etmegine kanagatlanma bildiren Guterreş, “Emma käbir kynçylyklar dowam edýär. Russiýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň we BMG-nyň wekilleri şol kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin gepleşik geçirmäge dowam eder” diýdi.

Russiýanyň we Ukrainanyň azyk önümlerini we döküni halkara bazarlara ýetirmäge dowam etmegi umyt edýändiklerini aýdan Guterreş, BMG hökmünde bu meselä doly goldaw berjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar