Gresiýada Hökümet Gurmak Üçin Ylalaşyk Gazanylmady

21-nji maýda Gresiýada geçirilen parlament saýlawynda üçünji orny eýeläýn PASOK-KYNAL ýaranlygynyň lideri Nikos Andrulakis Prezident Katerina Sakelaropulynyň hökümeti gurmak üçin beren ygtyýaryna yzyna tabşyrdy.

1990213
Gresiýada Hökümet Gurmak Üçin Ylalaşyk Gazanylmady

Prezident Sakelaropuly tarapyndan hökümeti gurma ygtyýaryny bermek üçin çagyrylan Abdrulakis saýlawdan çykan netijäniň şäriklik hökümetini gurmaga şert döretmändigini beýan edip; “Hökümeti gurma ygtyýaryny yzyna berýärin” diýdi.

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannamada Sakelaropulynyň saýlawyn netijelerine görä parlamentde topary bolan ähli syýasy partiýalaryň liderlerini Konstitutsiýanyň 37-nji maddasyna laýyklykda şu gün ýerli wagt boýunça Prezidentiň Diwanyna çagyrandygy habar berildi.

Mundan ozal, saýlawda birinji orny eýelän Täze demokratiýa partiýasynyň lideri Kiriakos Mikotakis we ikinji orny eýelän Radikal çepçi ýaranlygyň lideri Aleksis Çipras şäriklik hökümeti üçin gerek bolan şertleriň ýokdugy sebäpli “hökümeti gurma ygtyýaryny” yzyna tabşyrypdy.



Degişli Habarlar