Nigeriýada guralan hüjümde 18 adam ýogaldy

Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde obalaryň biriniň 18 ýa'aýjysy ýogaldy

1989715
Nigeriýada guralan hüjümde 18 adam ýogaldy

Milli metbugatda berilen habarlara görä, şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly adamlar tarapyndan Benue ştatynyň Iýe obasyna ýaragly hüjüm guraldy. 

Hüjümde 18 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Benue ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Ketrin Annen sebite howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini we waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 

Benue ştatynda iki toparyň arasynda başdan geçirilen wakalarda geçen 150 adam ýogalypdy, 18 müňden gowrak adam ýaşaýan ýerlerini terk edipdi. 

Nigeriýanyň demirgazygynda maldarçylyk bilen meşgullanýan Fulaniler bilen ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalaryň arasynda wagtal-wagtal şuňa meňzeş wakalar bolýar. 

Çarwa Fulaniler ekerançylaryň mallaryny ogurlamaga synanyşýandygyny we özlerine hüjüm guraýandygyny öňe sürýär. 



Degişli Habarlar