Fransiýada metrodaky howanyň hapalygy sebäpli derňew işi başladyldy

Fransiýanyň Pariž sebitinde ýerleşýän metrolardaky howanyň hapalygy sebäpli derňew işi başladyldy

1970708
Fransiýada metrodaky howanyň hapalygy sebäpli derňew işi başladyldy

Fransiýada howanyň hiliniň gowulaşdyrylmagy we howanyň hapalygyndan zyýan çeken adamlary goramak maksady bolan Respire žurnalyndan berilen ýazmaça beýanatda, eýýäm ençeme ýyl bäri Pariž sebitindäki metronyň içindäki howanyň hiline garşy duýduryşlar berilendigi ýatladyldy. 

Paýtagt Pariž şäherindäki we onuň töweregindäki köpçülikleýin ulag serişdelerinden jogapkär bolan RATP gullugynyň meseleden habardardygy we howanyň hapalygy bilen bagly barlaglar geçirendigi bellenip, RATP gullugynyň ýolagçylara sezewar galýan howplary barada duýduryş bermekden bilkasatlaýyn häsýetde saklanandygy öňe sürüldi. 

Beýanatda Parižiň prokuraturasynyň jemgyýetiň 2 ýyl ozal RATP gullugyna garşy "kwalifikasiýa aldawy" we "bilkastlaýyn ýagdaýda şikes ýetirmek" aýyplamalary bilen kazyýete ýüz tutandygy we şol ýüz tutmanyň netijesinde mart aýynyň ahyrynda derňew işini başladandygy habar berildi. 

Respire žurnalynyň şol karary oňyn ýagdaýda kabul edendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar