Ekwadorda ýer süýşgünleri netijesinde 16 adam ýogaldy

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Ekwadorda başdan geçirilen ýer süýşgünleriniň netijesinde 16 adam ýogaldy, 13 adam dereksiz ýitdi

1966084
Ekwadorda ýer süýşgünleri netijesinde 16 adam ýogaldy

Ekwadoryň Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça milli sekretariaty tarapyndan berilen beýanatda, Çimboraso welaýatynyň Alausi şäherçesinde ýer süýşgünleriniň başdan geçirilendigi habar berildi. 

Beýanatda tebigy apatda häzirki wagta çenli 16 adamyň ýogalandygy, 13 adamyň dereksiz ýitendigi we 10 adamyň hem ýaralanandygy aýan edildi.

Resmiler şäherçäniň ençeme etrapçasynyň ýeriň aşagynda galandygyny we tebigy heläkçiligiň takmynan 500 adama ýaramaz täsir ýetirendigini habar berdiler. 

Sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Ýerli metbugatda berilen habarlarda sebitdäki dagda ýaryklaryň emele gelendigi we onuň hem ýer süýşgünleriniň döremegine sebäp bolandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar