Dünýäniň Ilatynyň Ýarysy 2035-nji Ýyla Çenli Ýagly Ýa-da Aşa Semir Bolar
Bütindünýä ýaglanma federasiýasy öňi alynmasa, 2035-nji ýyla çenli dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň ýagly ýa-da aşa semiz hökmünde häsýetlendiriljekdigini beýan etdi.
Bütindünýä ýaglanma federasiýasynyň habarnamasyna görä 4 milliarddan gowrak adam ýaglanmanyň zyýanly täsirinde galar.
Afrikadaky we Aziýadaky az ýa-da orta girdejili ýurtlaryn bu meselede esasy artyşlary görkezmegine garaşylýar.
Federasiýasynyň Başlygy Professor Luiz Baur habarnamanyň netijelerini açyk duýduryş hökmünde häsýetlendirdi.
Habarnamada esasanda çagalardaky we ýaşlardaky artýan ýaglanma mukdaryna üns çekilýär hem-de mukdarlaryň hem erkeklerde hem-de gyzlarda 2020-nji ýyla görä iki esse artmagyna garaşylýandygy mälim edilýär.
Global dereede ýağlanmada garaşylýan esasy artyşa eý ebolan 10 ýurtdan 9 sanysynyň Afrikadaky we Aziýadaky az ýa-da az-orta girdejili ýurtlardan ybaratdygy beýan edilýär.
Degişli Habarlar
Hizbullah, Ysraýyla Garşy Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Metula etrapçasyndaky harby merkeziň nyşana alynandygy nygtaldy.