Guterriş Resmi Sapar Bilen Bagdada Bardy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş daşary ýurtlardaki yraklylaryň ýurtlaryna dolanyp barmagy üçin Yragyň hökümetiniň tagallasyna kanagatlanma bildirdi.

1953138
Guterriş Resmi Sapar Bilen Bagdada Bardy

Antoniu Guterriş Bagdada guraýan resmi saparynyň çäginde Yragyň Daşary işler ministri Fuat Huseýin bilen duşuşdy.

Guterriş duşyşykdan soň Huseýin bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Fuad Huseýin Guterrişiň Yraga sapar guramagyna hoşallyk bildirip; “BMG bilen gatnaşyklarymyz ýokary derejede. BMG-niň Baş sekretary bilen içerki meseleleriň ýany bilen sebitleýin we halkara meseleleri hem seljereris” diýdi.

BMG-niň Baş sekretary bolsa; “Yraga sapara gelmekden örän hoşal. Yraklylaryň syýasy we howpsuzlyk meselelerini çözjekdigine doly ynanýarys” diýdi.

Guterriş daşary ýurtlardaky yraklylaryň ýurtlaryna dolanyp barmagy üçin Yragyň hökümetiniň tagallasyna kanagatlanma bildirdi.

 



Degişli Habarlar