Peskow Moldowa Bilen Gatnaşyklaryň Dartgynlydygyny Aýtdy

Russiýanyň Prezidenginiň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, moldowaly resmileriň beýanatlaryna üns bermelidigini aýtdy.

1948801
Peskow Moldowa Bilen Gatnaşyklaryň Dartgynlydygyny Aýtdy

Peskow; “Moldowa bilen gatnaşyklarymyz onsuz hem iňňän dartgynly” diýdi.

Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Moldowanyň Premýer-ministri Dorin Reseanyň Moldowanyň territoriýasynda ýerleşýan we bir taraply garaşsyzlyk yglan eden Transdinýester sebitiniň harby goşundan saplanmalydygy hakyndaky beýanaty barasynda garaýyş beýan etdi.

Russiýa  bilen Moldowanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlydygyna ünsi çeken Peskow; “Moldowa bilen gatnaşyklarymyz pnsuz hem iňňän dartgynly. Moldowanyň hökümeti Russiýa garşy ähli zada ünsi çekýär. Russiýa garşy histeriýa gönükýärler” diýdi.

Peskow şol çemeleşmäniň Russiýa-Moldowa gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirýändgini beýan edip; “Bu oňyn çemeleşme ýetmezliği Moldowanyň bähbidine bolmaz we elbetde özara gatnaşyklarymyza zyýan ýetirer. Moldowaly resmilere beýannamalarynda ünsli bolmaklaryny maslahat berýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar