NATO Türkiyä raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiyede başdan geçirilen ýer titremeler zerarly NATO agza ýurtlaryň Türkiye bilen güýçli ýagdaýda raýdaşlyk içindedigini habar berdi

1945876
NATO Türkiyä raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, 14-15-nji fewral aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahaty mynasybetli geçiren metbugat ýygnagynda, Türkiyede başdan geçirilen ýer titremeleriň üstünde durup geçdi. 

"Biziň pikirlerimiz türk halky bilen" diýip aýdan Ýens Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň gözleg we halas ediş toparlaryny, ýangyn söndürijilerini, saglygy goraýyş işgärlerini we ýer titreme hünärmenlerini Türkiyä ugradandygyny mälim etdi. 

Ýens Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň Türkiye goldaw bermäge dowam etjekdigini belläp: "Ýaranymyz Türkiye bilen güýçli raýdaşlyk içindediris" diýip nygtady.

Kahramanmaraş welaýatynda geçen hepde başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerde ençeme müň adam ýogaldy, tebigy apat "Asyryň Betbagtçylygy" hökmünde häsýetlendirilýär. 



Degişli Habarlar