Russiýa Krasnaýa Gorany basyp aldy

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Krasnaýa Gora ýaşaýyş zolagynda gözegçiligi ele geçirendiklerini habar berdi

1945903
Russiýa Krasnaýa Gorany basyp aldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, rus harby güýçleriniň Russiýa-Ukraina söweşindäki hereketleri barada maglumat berdi. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky çaknyşyklara dowam edýändigini aýdan Igor Konaşenkow, tapawutly ýerlerde 300-den gowrak ukrainaly esgeriň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Igor Konaşenkow, Ukrainanyň goşunyna degişli ýarag we ok-däri ammarlarynyň we abatlaýyş merkezleriniň nyaşana alynyp hüjüm guralandygyny belläp: "Hüjüm ediş birikmelerindäki meýletinler Donetsk ugrunda Russiýanyň Günorta harby güýçlerine degişli artilleriýa we raketa birikmeleriniň goldawy bilen Donetsk Halk Respublikasyndaky Krasnaýa Gora ýaşaýyş ýerini azat etdi" diýdi. 

Soňky 24 sagatda Ukrainanyň harby güýçlerine degişli 6 amerikan önümi bolan köp nilli raketa ulgamy HIMARS raketasy bilen 9 uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow: "Şu günki güne çenli Ukraina degişli 384 uçar, 207 dikuçar, 3 müň 114 uçarmansyz howa ulagy, 404 howa goranyş raketa ulgamy, 7 müň 852 tank we sowutly ulag, 1017 köp nilli raketa ulgamy, 4 müň 82 gaubisa we minomýot, 8 müň 363 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar