Ežei Saklananlaryň Puşmanlyk Hukuklary Bilen Boşadylmagyny Gün Tertibine Getirdi

Eýranyň Kazyýetiniň Başlygy Gulam Huseýn Muhsin Ežei Mahsa Amini aksiýalaryna gatnaşandyklary üçin saklananlaryn “puşmanlyk” hukuklaryndan peýdalanyp bolşadylmaklaryny gün tertibine getirdi.

1936705
Ežei Saklananlaryň Puşmanlyk Hukuklary Bilen Boşadylmagyny Gün Tertibine Getirdi

Eýranly talyplar habarlar gullugynyň (ISNA) habar bermegine görä Kazyýetiň Ýokary geňeşiniň maslahatynda çykyş eden Ežei, soňky aksiýalarda saklananlar boýunça beýanat berdi.

Aksiýalaryň ýüze çykaran howpsuzlyk meseleleriniň ortadan aýrylandygyny we wakalara öňbaşçylyk edenleriň ele salynandygyny aýdan Ežei, “aldadylan ýaşlara” olardan tapawutly çemeleşilmelidigini aýtdy.

Ežei: “Soňky wakalarda sowatsyzlyk edip, şeýtana aldanan, soň ýalňyşyna düşünip puşmanlygyny beýan eden we duşmanyň oýunyna göz ýetiren raýatlaryň ynkylabyň yglan edilen günlerinde halkyn arasyna we adaty durmuşlaryna dolanyp barmaklary üpjün edilmeli” diýdi.

Eýranda wagtal-wagtal dini we milli günler mynasybetli käbir tussaglaryň günäsi geçilýär.



Degişli Habarlar