ABŞ-nyň F-16 Hakyndaky Karary Geljek Hepde Belli Bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň degişli kararyny Kongrese hödürländen soň geljek hepde resmi taýdan beýan etmegine garaşylýar.

1932579
ABŞ-nyň F-16 Hakyndaky Karary Geljek Hepde Belli Bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Türkiýä F-16 harby uçarlarynyň satuwy meselesindäki kararyny Kongresiň degişli komitetlerine hödürledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň, Türkiýä täze F-16 uçarlarynyň satylmagy we bar bolan F-16-laryň döwrebaplaşdyrylmagy meselesindäki kararyny, Wekiller palatasynyň we Senadyň degişli komitetleriniň başlyklaryna we agzalaryna alynky barlag üçin hödürländigi habar berildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň degişli kararyny Kongrese hödürländen soň geljek hepde resmi taýdan beýan etmegine garaşylýar.

ABŞ-da, NATO agza ýurtlara 15 gün, NATO agza bolmadyk ýurtlara bolsa 30 günüň dowamynda Kongres tarapyndan hiç hili nägilelik görkezilmän halatynda satuw tassyklanylýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar