“Serbiýa, Türkiýäni, Günbatar Balkanlarda Parahatçylygy Goraýan Hyzmatdaş Hökmünde Görýär”

Wujiç, TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentopu kabul etdi.

1916693
“Serbiýa, Türkiýäni, Günbatar Balkanlarda Parahatçylygy Goraýan Hyzmatdaş Hökmünde Görýär”
Aleksandar Vucic-Sentop.jpg
Aleksandar Vucic.jpg

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujiç, Türkiýäni, Günbatar Balkanlarda parahatçylygy we durnuklylygy goraýan hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini aýtdy.

Wujiç, Gara deňiz Ykdysady hyzmataşlyk guramasynyň Parlamentarlar Assambleýasynyň döwürleýin ýolbaşçylygynda geçirlen maslahata gatnaşmak üçin Belgrada giden TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentopu kabul etdi.

Wç, Şentop bilen bolan duşuşygyndan soň sosial mediadan beren habarnamasynda “Gadyrly myhmanymyz, TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop bilen ýaňadandan duşuşmakdan hoşal. Mustafa Şentopdan, gadyrly dostum R. T. Erdogana mähili salamymy ýetirmegini isledim” diýdi.

Şentop bilen iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Wujiç, ýurdundaky türk maýa goýumlary bilen sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getirlendigini belledi.

Türkiýäniň sebitde uly rol oýnaýandygyna ünsi çeken Wujiç, “Serbiýa, Türkiýäni Günbatar Balkanlarda parahatçylygy we durnuklylygy goraýan, diňe Serbiýa üçin däl eýsem sebitde ýerleşýän ähli ýurtlardaky raýatlaryň howpsyzlygynyň ýola goýulmagyna uly goşant goşýan, infstruktura we energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýän hyzmatdaş hökmünde görýär” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar