Eýranda Media Organynyň Işgäri Saklandy

Eýran merkezi Londonda ýerleşýän oppozision media organy “Eýran International” teleýaýlymy üçin işleýändigi öňe sürülen bir adamyň saklanandygyny habar berdi.

1912017
Eýranda Media Organynyň Işgäri Saklandy

Eýranyň ýarym resmi “Tesnim” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Ynkylap goragçylarynyň Howpsuzlyk gullugy “Eýran International” teleýaýlymynyň “esasy ýolbaşçyolaryndan birini” Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherinde saklady.

Habarda şahsyýeti beýan edilmedik adamyň ýurtdaky aksiýalaryň dowamynda sosial mediadan çagyryş edip, “halkara howpsuzlyk güýçlerine garşy aksiýalara, wandallyga we şäheriň howpsuzlygyna zyýan ýetirmäge höweslendirýän ençeme akiýa gatnaşandygy” mälim edilýär.

Eýranda ozalam merkezi Londonda ýerleşýän media organy üçin işleýändigi üçin 10-njy noýabrda Afkari atly bir zenanyň, 23-nji noýabrda bolsa ady agzaladyk bir adamyň saklanandygy habar berilipdi.

Resmi Tähran 19-njy noýabrda “basyş ediji aksiýalary guran demonstrantlary höweslendirndigi” öňe sürülip, merkezi Londonda ýerleşýän oppozision media guramasy “Eýran International” teleýaýlymyny “terror guramasy” diýip yglan edipdi.



Degişli Habarlar