Wenesuelada kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy
Wenesuelanyň Amazonas ştatynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 harby ýogaldy
Wenesuelanyň Goranmak ministri Wladimir Padrino Lopez beren beýanatynda, ýurduň günortasyndaky Puerto-Aýakuço şäheriniň çäklerinde ýere gaçan C-2088 kysymly uçaryň düzüminde bolan we Boliwarjy Milli Ýaragly güýçlere degişli 5 ofiseriň ýogalandygyny habar berdi.
Ýurduň Döwlet baştutany Nikolas Maduro bolsa Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ýogalan harbylaryň maşgalalaryna gynanç bildirip: "Boliwarjy harby awiasiýamyzyň 5 batyr ofiseriniň ýogalmagyna gynanç bildirýärin. Maşgalalarynyň gam-gussasyny paýlaşýaryn we olara gynanç bildirýärin" diýip mälim etdi.
Waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy aýan edildi.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.