Hindistanda köpriniň çökmegi netijesinde 90 adam ýogaldy

Hindistanyň Gujarat ştatynda köprileriň biriniň çökmegi netijesinde derýa gaçan ýüzlerçe adamyň 90-sy ýogaldy

1899678
Hindistanda köpriniň çökmegi netijesinde 90 adam ýogaldy

Ýurduň günbataryndaky Gujarat ştatynyň Morbi şäherçesinde, üstünde azyndan 500 adam bolan asma köpri çökdi.

Wakada köpriniň üstündäki ýüzlerçe adam Maççu derýasyna gaçdy, şolaryň 90-sy ýogaldy. 

Gujarat ştatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Aşiş Bhatia, gözleg we halas ediş işleriniň başlandygyny, köp sanda adamyň halas edilendigini, emma ýogalan adamlaryň sanynyň artyp biljekdigini habar berdi. 

Ýurduň Premýer ministri Narendra Modi, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, waka çuňňur gynanç bildirýändigini belläp: "Gözleg we halas ediş toparlar ejir çeken adamlara kömek berer. Gujaratdaky tragediýa meni aladalandyrdy. Pikirim we dogalarym zyýan çeken adamlar bilen" diýip beýan etdi.

Modi mundan başgada wakada ýogalan adamlaryň ýakynlaryna takmynan 2 müň 430 dollar, ýaralanan adamlara bolsa takmynan 600 dollar beriljekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar