Putin Ýurtda Ýokary Depginde Işlenmegini we Şertleriň Hakykata Laýyk Seljerilmegini Isledi

Russiýanyň Prezident Wladimir Putin şertleriň hakykata laýyk seljerilmegini talap etdi.

1897657
Putin Ýurtda Ýokary Depginde Işlenmegini we Şertleriň Hakykata Laýyk Seljerilmegini Isledi

Russiýanyň Prezident Wladimir Putin özlerine goýulan ykdysady sanksiýalar we Ukrainadaky söweş sebäpli ýurtda ähli ugurlarda ýokary depginde işlenmelidigini, umuman şertleriň hakykata laýyk seljerilmelidigini aýtdy.

Wladimir Putin Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin hökümetiň ýanynda döredilen utgaşdyryjy geňeşiň onlaýn formatda geçirilen ilkinji maslahatynda çykyş etdi.

Putin ykdysady ugurlardaky çäklendirmeler we Ukrainadaky “ýörite harby operasiýa” bilen baglyklykda karar kabul ediş tapgyrlarynyň aktuallaşdyrylmalydygyny, onuň üçün hem ýurtdaky ähli edaradyr kärhanalaryň utgaşyklygy üçin iş alyp barjakdyklaryny beýan etdi.

Putin: “ähli ugurlarda has ýokary depginde işlenmeli we umuman şertler iňňän hakykata laýyk seljerilmeli. Ol, diňe bir gönüden “ýörite harby operasiýa” degişli däl, tas ähli ugurlardaky işlerimize degişli” diýdi.

Russiýanyň howpsuzlygy hakynda-da durup geçen Puti, ýurtda indi düýpli, möhüm täze kynçylyklaryň bardygyny, onun Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen howpsuzlyk güýçlerini gyzyklandyrýandygyna ünsi çekdi.

Rus lider şol guramalaryň täze formatda işlemäge uýgunlaşdyrylmagyny, býurokratik proseduralaryň arkasyna bukulmazlyklaryny isläp, eger şeýle bolman halatynda hiçbir hususda islenen netijäniň alynmajakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar