Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn

Bu barada ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Rimde beýannama berdi.

2139181
Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukrainany bombalamagy bes eden halatynda ýaraşyk gepleşikleriniň ertesi güni başlajakdygyny aýtdy.

Ýewropa Parlamentiniň saýlaw kampaniýasynyň çäginde İtaliýanyň patagty Rimde bolýan fon der Lýaýen ol ýerde Ýewropa halk partiýasynyň düzümindäki Froza İtaliýanyň lideri, ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Antonio Tažaniniň gatnaşmagynda ýaşlar bilen duşuşdy.

İtalian metbugatynda çykan habarlara görä fon der Lýaýen duşuşykda 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda çykyş edip; “Putin bombalamany bes etse, ýaraşyk gepleşikleri ertesi güni başlar. Emma ýaraşyk tapgyry ukrainalylar tarapyndan gönükdirilmeli. Olar muňa hakly” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň Başlşygy 2-nji Jahan urşundan soň parahatçylyk ulgamyny döredendiklerini, Russiýanyň oňa garşy durýandygyny beýan etdi.

Fon der Lýaýen ýaşlar bilen duşuşmak üçin zala baran mahalynda 10 adamlyk topar tarapyndan “Utanyň” we “Azat Palestina” şygarlary bilen garşylandy.



Degişli Habarlar