BSGG Kowid-19 Pandemiýasyny Adatdan Daşary Ýagdaý Hökmünde Häsýetlendirmäge Dowam Edýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze görnüş koronawirus pandemiýasyny Halkara halk saglygynyň adatdan daşary ýagdaýy hökmünde häsýetlendirmäge dowam edýär.

1895290
BSGG Kowid-19 Pandemiýasyny Adatdan Daşary Ýagdaý Hökmünde Häsýetlendirmäge Dowam Edýär

Guramanyň baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Ženewada metbugat ýygnagyny geçirdi.

Adatdan daşary ýagdaý Komitetiniň geçen hepde Kowid-19 boýunça soňky ýagdaýy seljermek üçin maşlaha geçirendigini beýan eden Gebreýesus; “Komitetiň garaýyşy Kowid-19-yň adatdan daşary ýagdaý hökmünde dowam etmegi hakyndady. Men hem şol pikiri tassykladym” diýdi.

Gebreýesus Komitetiň pandemiýanyň global adatdan daşary ýagdaý tertibinden çykarylmağy üçin “güýçlendirilen gözegçiligiň ýola goýulmagyny, ýaýbaňlandyrylan  test üpjünçiligini döretmegi, howply topara degişli adamlaryň sanjymlanmagyny we her bir ýurduň öz taýýarlyk maksatnamasyny taýýarlamagyny” maslahat berendigini aýtdy.

Gebreýesus maýmyn mama epidemiýasy boýunça Komitetiň ertirki maslahatynda degişli kararlaryň kabul ediljekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar