Eýranyň Prezidenti: "Baýden haosy we terrory öjükdirýär" diýdi

Ebrahim Raisi ýurduň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde beýanat berdi

1893523
Eýranyň Prezidenti: "Baýden haosy we terrory öjükdirýär" diýdi

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Eýrandaky protestler bilen baglanşykly beren beýanatyna reaksiýa bildirip: "ABŞ-nyň Prezidenti beren beýanatlary bilen beýleki ýurtlarda haosy we terrory öjükdirýär" diýip belledi. 

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi ýurduň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde beýanat berdi. 

Ebrahim Raisi, ABŞ-nyň Eýrandaky protestlere goldaw berýändigini we şeýlelik bilen eýranlylary umytsyzlyga we haosa sezewar etmäge synanyşýandygyny beýan etdi. 

ABŞ-ny "Uly şeýtan" hökmünde häsýetlendiren Raisi, sebitde başdan geçirilýän terroryň, haosyň we meçew bermeleriň ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan goldanýandygyny mälim etdi. 

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi: "Palestinany basyp alan Sionist Ysraýyl režiminiň 70 ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ tarapyndan goldanmagy we Owganystanyň ABŞ tarapyndan basylyp alynmagy şol uly şeýtanyň amala aşyran işleriniň käbirleridir" diýip nygtady. 

Raisi ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Eýrandaky protestler bilen baglanşykly beýanatyna reaksiýa bildirip: "ABŞ-nyň Prezidenti beren beýanatlary bilen beýleki ýurtlarda haosy we terrory öjükdirýär" diýip belledi. 

ABŞ-nyň Eýrana garşy geçirýän operasiýalaryny we hüjümlerini gowy bilýändiklerini aýdan Raisi, Eýrana garşy alynyp barylýan aksiýalaryň şowsuz boljakdygyny we maskatlaryna ýetip bilmejekdiklerini aýan etdi. 



Degişli Habarlar