Bangladeşde gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Bangladeşde festiwal üçin buthana gitmek isleýän adamlaryň münen gaýygyň Karatoýa derýasynda batmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 51 adama ýetdi

1884942
Bangladeşde gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Hadysanyň gaýyga gereginden köp ýolagçy mündürilmegi netijesinde bolandygy we wakanyň bolan mahaly gaýygyň düzüminde 100-den gowrak ýolagçynyň bolandygy mälim edildi. 

Resmiler wakada 51 adamyň ýogalandygyny tassykladylar we dereksiz ýiten 25 adamyň bolsa entek tapylmandyklaryny habar berdiler. 

Içeri işler edarasynyň resmileri birnäçe gün ozal Durga Puja festiwalynyň çägindäki Maýalaýa güni bilen bagly çärelere gatnaşmak maksady bilen Badheshwar buthasyna barýanlary daşan gaýygyň Pançagarh sebitindäki Karatoýa derýasynda batandygyny beýan edipdiler. 


Etiketkalar: #batmak , #gaýyk , #derýa , #Bangladeş

Degişli Habarlar