"2024-nji ýylyň güýz paslyndan başlap rus gazyna bolan garşlylygymyzdan dolulygyna azat bolarys"

Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi, 2024-nji ýylyň güýz paslyndan başlap Russiýadan satyn alynýan tebigy gaza bolan garşlylyklardan dolulygyna azat boljakdyklaryny mälim etdi

1872098
"2024-nji ýylyň güýz paslyndan başlap rus gazyna bolan garşlylygymyzdan dolulygyna azat bolarys"

Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi, çäreleriň birinde eden çykyşynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşi bilen birlikde artan energiýa meselesiniň üstünde durup geçdi.

Italiýanyň täze tebigy gaz üpjünçilik taslamalarynyň kesgitlenilen möhletde tamamlanan halatynda, 2024-nji ýylyň güýz paslyndan başlap Russiýadan satyn alynýan tebigy gaza bolan garşlylyklardan dolulygyna azat boljakdyklaryny aýdan Dragi: "Bu milli howpsuzlyk üçin esasy maksatdyr. Sebäbi Russiýa Ukraina we Ýewropaly hyzmatdaşlaryna garşy geosyýasy bir ýarag hökmünde tebigy gazy ulanmakdan saklanmaýar" diýip habar berdi.

Dragi: "Alžirden Azerbaýjana çenli tebigy gaz üpjünçiligini artdyrmak üçin täze ylalaşyklar baglaşdyk. Geçen ýyl tebigy gaz importymyzyň 40 göterimi Russiýadan gelýärdi. Şu ýyl bolsa şol mukdar ortaça 2 esse azaldy" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar