Müsürdäki buthanada bolan ýangynda ýogalan adamlaryň maşgalalaryna öwezlik töleg tölener

Içeri işler ministrligi hem ýangynyň elektrik tok sebäpli, ýagny buthananyň 2-nji gatynda ýerleşýän sowadyjynyň ýanmagy netijesinde bolandygyny habar beripdi

1867700
Müsürdäki buthanada bolan ýangynda ýogalan adamlaryň maşgalalaryna öwezlik töleg tölener

Müsüriň paýtagty Kair şäheriniň günbataryndaky Imbaba şäherinde ýerleşýän buthanalaryň birinde bolan ýangynda ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýaralanan adamlara öwezlik tölegiň tölenjekdigi habar berildi.

Müsüriň Sosial raýdaşlyk ministrligi 41 adamyň ýogalan we 14 adamyň ýaralananan Abu Seýfeýn buthanasyndaky ýangyn bilen baglanşykly ýazmaça beýannama berdi.

Beýannama görä buthana ýangynynda ýogalanlaryň maşgalalaryna we ýaralanan adamlara öwezlik töleg tölener we 1 ýylyň dowamynda aýlyk beriler.

Ýangynda ýogalanlaryň maşgalalaryna 25 müň bilen 50 müň aralygynda Müsür funty (takmynan 1307-2614 dollar), ýaralananlara bolsa 5 müň Müsür funty (takmynan 261 dollar) öwezlik töleg beriler.

Mundan başgada ýogalanlaryň maşgalalaryna we ýaralanan adamlara goldaw maksatly 1 ýylyň dowamynda aýlyk töleg beriler. 

Müsüriň Kopt buthanasy ýangynda 41 adamyň ýogalandygyny, 14 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Içeri işler ministrligi hem ýangynyň elektrik tok sebäpli, ýagny buthananyň 2-nji gatynda ýerleşýän sowadyjynyň ýanmagy netijesinde bolandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar