Erdogan Bilen Putin 5-nji Awgustda Soçide Duşuşar

Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

1862763
Erdogan Bilen Putin 5-nji Awgustda Soçide Duşuşar

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 5-nji awgustda Soçi şäherinde duşuşjakdygyny aýtdy.

Peskow duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Erdogan bilen Putiniň 5-nji awgustda Soçide geçirjek duşuşygy hakynda durup geçen Peskow, iki lideriň ykdysadyýetden sebitara meselelere çenli birnäçe ugury ara alyp maslahatlaşjakdygyny belledi.

Peskow “Erdogan bilen Putin, Siriýa, Ukraina we galla eksporty bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda hem pikir alyşar” diýdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi, ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy Nensi Pelonyň Aziýa ýurtlaryna gurajak saparynyň çäginde Taýwana barmagynyň sebitdäki dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar