Putin Bilen Paşinýan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Paşinýan, Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin edilýän tagallalar hakynda Putine maglumat berdi.

1853046
Putin Bilen Paşinýan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda 2020-njy ýylyň noýabr aýynda we 2021-nji ýylyň ýanwar we noýabr aýlarynda baglaşylan şertnama hakynda pikir alyşdy.

Putin bilen Paşinýan Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky serhetde howpsyzlygyň üpjün edilmegi we Günorta Kawkazda ykdysadyýet we transport ulgamyň ýaňadandan güýçlendirilmegi hakynda hem pikir alyşdy.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin edilýän tagallalar hakynda Putine maglumat berdi.

 



Degişli Habarlar