ABŞ-daky otly heläkçiliginde 3 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Missuri ştatyndaky otly heläkçiliginde 3 adam ýogaldy, 40-dan gowrak adam ýaralandy

1849306
ABŞ-daky otly heläkçiliginde 3 adam ýogaldy

Missuri ştatynyň gubernatory Maýk Parson, ştatda Amtrak kärhanasyna degişli bir otlynyň relsden çykandygyny habar berdi. 

Amtrak kärhanasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda bolsa: "Missuri ştatynda ýük ulagy bilen kakyşan Amtrak otlusynyň birnäçe wagony relsden çykdy we ýolagçylaryň ýaralanmagyna sebäp boldy" diýip beýan edildi. 

Otlydaky 243 ýolagçynyň 3-siniň ýogalandygy, 40-dan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #heläkçilik , #otly , #Missuri

Degişli Habarlar