Owganystandaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1150 adama ýetdi

Owganystanyň paktika welaýatynda 22-nji iýunda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1150 adama ýetdi

1847936
Owganystandaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1150 adama ýetdi

Owganystanyň Döwlet habarlar agentligi ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 1150 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa azyndan 1600 adama ýetendigini habar berdi. 

Ýer titremede 3 müňe golaý öýe zyýan ýetendigi we ýumrulandygy mälim edildi. 

Ýer titremäniň güýç merkeziniň Owganystanyň gündogarynda Pakistan serhediniň golaýyndaky Host welaýatynyň 46 km günorta-günbatarydygy aýan edilipdi. 

Paktika welaýatynyň gubernatorlygy beren beýanatynda gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny, harabalyklaryň aýrylmaga başlandygyny habar berdi. 

Ýer titremäniň esasy täsir ýetiren Paktika welaýatynyň Giýan we Barmel etraplaryna we obalaryna şu gün ilkinji ynsanperwer kömekler gelmäge başlady. 

BMG-na degişli edaralar we halkara jemgyýetçilik guramalar tarapyndan ugradylan azyk, ýorgan we lukmançylyk enjamlary ýer titremäniň başdan geçirilen sebitine baryp ýetdi. 

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti 500 maşgala azyk kömegini beren bolsa Adam haklary we azatlyklary ynsanperwer kömek gaznasy hem 500 adam gyzgyn nahar paýlady. 

Owganystanda ýer titremede zyýan çeken maşgalalar üçin kömek kampaniýasy başladyldy. 

Ýer titremede zyýan çeken adamlar öýlerindäki azyklarynyň hem harabalyklaryň aşagynda galandygyny belläp, gyssagly azyk kömeklerine we çadyrlara mätäçlikleriniň bardygyny bellediler. 



Degişli Habarlar