Eýranda Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
Heläkçilikde uçaryň uçarmany bilen kömekçisi ýogaldy.
1831364
Eýranda, F-7 kysymly harby uçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli uçaryň uçarmany bilen kömekçisi ýogaldy.
Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, harby uçar Nain şäheriniň Enarek etrapçasynda heläkçilige uçrady.
Tälim uçuşyny amala aşyrýan uçaryň ýerli wagt bilen 08.30-da heläkçilige uçrandygy bellenildi.
Uçar heläkçiliginde uçarman bilen kömekçisiniň ýogalandygy nygtaldy.
Heläkçiligiň sebäbi heniz bilinmeýär.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.