Zelenskiý Putini “Diktator” Hökmünde Häsiýetlendirdi

Zelenskiý, Fransiýada geçirlen 75-nji Kan kino film festiwalynyň açylyş dabarasyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

1828697
Zelenskiý Putini “Diktator” Hökmünde Häsiýetlendirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini “diktator” hökmünde häsiýetlendirdi.

Zelenskiý, Fransiýada geçirlen 75-nji Kan kino film festiwalynyň açylyş dabarasyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Çykyşynda II jahan urşy we aktýor Çarli Çapliniň surata düşüren “Diktator” atly filmi hakynda durup geçen Zelenskiý, “Çarli Çapliniň “Diktator” atly filimi döwründe hakyky diktatory öldürmedi, emma bu film bilen kino film sungady sözüň doly manysynda dymmagyň ýerine garaýyş beýan etmegi saýlap aldy. Film gepleýärdi we ol geljek ýeňişiň sesidi” diýdi.

Şol günden bäri birnäçe filmiň surata düşürlendigini nygtan Zelenskiý, Putini nazarda tutmak bilen “Şol döwürde bolşy ýaly häzir hem bir “diktator” bar” diýdi.

Russiýanyň 24-nji fewralda başlan hüjümi sebäpli rus goşunynyň giren sebitlerinde köp sanly adamyň öldürlendigini aýdan Zelenskiý, şolaryň arasynda 229 çaganyň bardygyny ýatlatdy.

Wladimir Zelenskiý, söweşmäge dowam etjekdiklerini we başga çykalgalarynyň ýokdygyny belledi.

 Zelenskiý, “Diktatoryň ýeňiljekdigine doly ynanýaryn” diýdi

 



Degişli Habarlar