Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň ýurtdaky harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň 27 müň 900 esgerini, 201 uçaryny, 167 dikuçaryny we 1235 taňkyny ýitirendigini habar berdi

1828271
Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň ýurtdaky harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-17-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 200 esgerinden mahrum boldy.  

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 27 müň 900 esger öldürildi, ruslara degişli 201 uçar, 167 dikuçar, 1235 taňk, 3 müň 9 sowutly ulag, 578 top, 198 raketa ulgamy we 90 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 109 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 436 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 97 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar