Konaşenkow Rus goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky söweşdäki hereketleri barada maglumat berdi

1827696
Konaşenkow Rus goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Ukrainada Ýylan adasynda we Nikolaýewiň golaýynda howada 1 sany Su-24 we 2 sany Su-25 harby uçaryny od açyp ýere gaçyrandyklaryny habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky söweşdäki hereketleri barada maglumat berdi. 

Ukrainada rus harby birikmeleriniň hüjümleriniň dowam edýändigini aýdan Konaşenkow, howadan atylan ýokary takyk raketalar bilen soňky 1 günde Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň 72-nji Mehanizirlenen brigadasynyň Harkow welaýatynyň Tsapowka diýilýän ýaşaýyş ýeriniň golaýynda ýerleşýän merkezi bilen birlikde, 2 ştab merkeziniň, Lugansk, Donetsk, Harkow welaýatlarynyň käbir ýerlerindäki 5 raketa we artilleriýa ammarynyň, 8 atyş nokadynyň, harby birikmeleriň we tehniki ulaglaryň üýşürilen jemi 16 aýry nyşananyň ýok edilendigini habar berdi. 

Konaşenkow şol operasiýalaryň netijesinde 360-dan gowrak ukrainaly milliýetçi ýaragly güýjüň we 78 harby ulagyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan etdi. 

Russiýanyň Harby-howa güýçleriniň 3 ştab merkezini, 2 ýangyç ammaryny, harby birikmeleri we tehniki ulaglaryň üýşürilen 104 aýry nokady ýok edendigini aýdan Konaşenkow, raketa we artilleriýa birikmeleriň bolsa ukrain esgerleriň ýygnanan 325 meýdany, 14 ştab merkezini we 24 artilleriýa batareýasyny nyşana alyp hüjüm gurandygyny aýan etdi. 

Konaşenkow: "Russiýanyň Harby-howa güýçleriniň ulgamlary Nikolaýew sebitindäki Ýewgenowka we Welikaýa Kamyşewaha ýaşaýyş ýerlerinde howada Ukrainanyň Harby-howa güýçlerine degişli 2 sany Su-25 kysymly uçaryny hatardan çykardy. Şonuň bilen birlikde Ýylan adasynyň golaýynda 1 sany Su-24 harby uçar hatardan çykaryldy" diýip beýan etdi. 

Lugansk, Harkow, Donetsk sebitleriniň tapawutly ýerlerinde Ukraina degişli 10 uçarmansyz howa ulagynyň we SSSR zamanynda öndürilen Tu143 Reýs uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarylandygyny aýdan Konaşenkow: "Ukraina degişli şu günki güne çenli 168 uçar, 125 dikuçar, 889 uçarmansyz howa ulagy, 307 howa goranyş ulgamy, 3 müň 108 taňk we sowutly ulag, 381 köp nilli raketa ulgamy, 1529 gaubisa we minomýot, 2 müň 949 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraona garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar