Demirgazyk Koreýada Kovid-19 Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 50 Adama Ýetdi

Ýurtda gyzgyny ýokarydygy sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1 million 21 müň adama ýetdi.

1827335
Demirgazyk Koreýada Kovid-19 Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 50 Adama Ýetdi

Demirgazyk Koreýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 50 adama ýetdi.

2 ýyl soň ýurtda geçen hepde penşenbe güni koronawirusa ýoluganlaryň bardygyny tassyklan Demirgazyk Koreýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany artdy.

KJNA habarlar gullugy ýene-de 392 müň 900 adamyň gyzgynynyň ýokarydygy sebäpli hassahana ýüz tutandygyny habar berdi.

Ýurtda gyzgyny ýokarydygy sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1 million 21 müň adama ýetdi.

Düýn ýene-de 8 adamyň ýogalmagy bilen epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany hem 50 adama ýetdi.

Ýurduň lideriň Kimiň, düýn harby goşuna çagyryş berendigi we epidemiýa garşy göreşe goldaw bermekleri üçin görkezme berendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar