Liwiýada gaýyk batdy
Beýanatda düzüminde 35 adam bolan gaýykdaky 29 adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi
1813257
Liwiýanyň günbataryndaky Sabrata şäheriniň suw giňişliginde bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 6 adam ýogaldy.
Halkara Migrasiýa guramasynyň Liwiýa boýunça müdüriýeti sosial media hasaby Twitterden beýanat berdi.
Beýanatda düzüminde 35 adam bolan gaýykdaky 29 adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi.
Liwiýa Demirgazyk Afrikadan Ýewropa bikanun ýollar bilen geçmek isleýän migrantlaryň iň köp ulanýan ýollarynyň biri hökmünde kabul edilýär.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.