Rus Hüjümleri Sebäpli 153 Çaga Ýogaldy

Ukrainanyň Goranmak ministrligi rus harby güýçleriniň hüjümleri sebäpli 153 çaganyň ýogalandygyny habar berdi.

1805523
Rus Hüjümleri Sebäpli 153 Çaga Ýogaldy
Ukrayna4.jpg
Ukrayna3.jpg
Ukrayna2.jpg
AFGANİSTAN.jpg
Ukrayna1.jpg

Ministrlikden berilen beýannamada rus goşunlarynyň Ukraina 1370 raketa atandygy mälim edildi.

Hüjümlerde 148 çaganyň ýogalandygy, 10 milliondan gowrak ukrainalynyň söweş sebäpli öýlerini terk edendigi habar berildi.

Beýannamada; “Russiýa, Ukrainada 15 howa menzilini ýok etdi. Basyp alyjylar wagşylyk edýär. Muny bagyşlamarys” diýilýär.

Ukrainanyň Milli atom energiýa önümçülik guramasy “(Energoatom) bolsa rus harby güýçleriniň Ukrainadaky Çernobyl atom elektrik bekedinden çekilendigini mälim etdi.

Energoatomdan berilen beýannamada; “Rus basyp alyjy güýçleri Çernobyl atom elektrik bekedinden çekildi. Beketde daşary ýurtly ýok” diýilýär.

Aýratynam rus goşunlarynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew welaýatynyň Slawutiç şäherinde hem çekilendigi nygtalyp; “Rus güýçleri beketden çekilýärkäler ýesir alnan Ukrainanyň milli goragçylaryny hem alyp gitdi” diýilýär.

Çernobyl bekedi 24-nji fewralda rus goşunlary tarapyndan alynypdy, soň beketdäki atom gözegçilik ulgamlarynyň Halkara atom energiýasy guramasyna maglumat bermegi bes edendigi habar berilipdi.

Ukrainanyň wise-premýeri İrina Wereşçuk günüň dowamynda asuda ilatdan 1500 adamyň Zaporežýe şäherine barandygyny aýtdy.

Wereşçuk sosial media arkaly ýaýradan wideo ýazygysynda Ukrainada çaknyşyklaryň dowam edýän ýerlerinde asuda ilatyň ewakuasiýa tapgyry hakynda maglumat berdi.

Günüň dowamynda 3 ynsanperwer kömek geçelgesiniň açylandygyny beýan eden Wereşçuk; “Şol geçelgelerden Zaporožýe şäherine 1458 adam hususy ulaglary bilen bardy. Şolaryň 631 sanysy Mariupoldan we 827 sanysy Zaporožýadaky Berdýansk, Melitopol, Enerhodar, Polohi, Orihow, Hulýaipole we Wasiliwka şäherlerinden geldi” diýdi.

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Herson etrabyndaky 11 ilatly zolagy rus goşunlaryndan halas edendigi habar berildi.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen beýannamada rus goşunlarynyň ýitgi çekmegi sebäpli paýtagt Kiýewi gabaw astyna alyp bilmändigi mälim edildi.

Russiýanyň Ukrainada söweşen goşunyny güýçlendirmäge dowam edýändigi we şonuň üçin Russiýanyň Günorta harby zolagyna degişli harby birikmeleri urşa goşandygy beýan edildi.

Beýannamada; “Russiýa wagtlaýyn häsýetde basylyp alynan Donesk, Luhansk, Zaporožýe we Herson şäherlerinde öz dolanşygyny gurmaga synanşýar” diýilýär.

Beýannamada rus goşunlarynyň ýakyn gelejekde Ukrainanyň günortasyndaky we gündogaryndaky etraplara hüjümleri artdyryp biljekdigine üns çekilýär.

Ukrainanyň Energetika we kömür senagaty ministrliginden berilen beýannamada bolsa ýurtda 1339 ilatly zolakda elektrik togunyň ýokdugy habar berildi.

Beýannamada degişli işleriň dowam edýändigi nygtalyp, Kiýew, Donesk we Sumi bilen birlikde Harkow, Mykolaýew, Žitomir, Zaporožýe we Herson şäherlerinde 71 müňden gowrak adamyň elektrik üpjünçiliginiň ýola goýuljakdygy mälim edildi.

338 müň sarp edijiniň bolsa tebigy gazsyz galandygy beýan edildi.

 



Degişli Habarlar