Eýran Wenadaky Gepleşiklerden Umytly

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Emir Abdullahiýan Awstriýanyň paýdagty Wena şäherinde dowam edýän ýadro gepleşiklerinde häzirki wagta çenli ýagşy niýetli bolandyklaryny aýtdy.

1783784
Eýran Wenadaky Gepleşiklerden Umytly

“Fars” habarlar gullugynyň habar bermegine görä Abdullahiýan paýtagt Tährandaky Daşary işler ministrliginiň kabulhanasynda omanly kärdeşi Badr al-Busaidi bilen duşuşdy.

Özara we toparara duşuşyklardan soň bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Abdullahiýan, Wenadaky ýadro gepleşiklerinde käbir ynjyk we möhüm meseleleriň günbatarly taraplaryň hakykatçyl çemeleşmesi bilen çözülmegini we ähli taraplaryň 2015-nji ýyldaky kepillilerine gaýdyp gelmegini umyt edýändiklerini nygtap; “Umuman Wenadaky gepleşikler boýunça häzirki wagta çenli ýagşy niýetimiz bar” diýdi.

Amerikaly resmilerden gönüden dialoguň hökmanlygy boýunça ençeme ýüzlenmäniň gelip gowuşýandygyny nygtan Abdullahiýan; “Biziň üçin esasy zat bu dialoguň netijesiniň we peýdasynyň näme boljagy. Häzirki wagta çenli amerikalylardan esasan oňyn sözler we ýüzlenmeler eşitdik. Emma ýagşy niýetlerini görkezjek tejribe görkezmediler” diýdi.

Wenadaky gepleşiklerde Eýran bilen beýleki taraplaryň arasynda möhüm öňegidişlik edilen hem bolsa, resmi Tähran gepleşikleriň soňunda sanksiýalaryň bes edilmegine garaşýar.



Degişli Habarlar