Togo döwletinde gyzamyk wakalary hasaba alyndy

Togo döwletiniň ençeme sebitinde gyzamyk keseli bilen kesellän adamlar hasaba alyndy

1771441
Togo döwletinde gyzamyk wakalary hasaba alyndy

Togonyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, ýanwar aýynda ýurdyň günorta we demirgazyk sebitlerinde köp sanda gyzamyk wakalarynyň bellige alynandygy habar berildi. 

Beýanatda gyzymyk keseli bilen esasan hem çagalaryň keselleýändigi, şol sebäpli hökümediň sanjym işlerini tizleşdirendigi mälim edildi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi tarapyndan 2021-nji ýylyň noýabr aýynda çap edilen habarnamada, koronawrirus epidemiýasynyň gyzamyk keseline garşy göreşde ýetilen sepgide ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi barada duýduryş berildi. 

Habarnamada 2020-nji ýylda 22 million bäbegiň 1-nji doza gyzamyk sanjymyny etdirmändigi we onuň soňky 20 ýylyň iň ýokary görkezijisidigi beýan edildi. 


Etiketkalar: #sanjym , #kesel , #gyzamyk , #Togo

Degişli Habarlar