Russiýa ABŞ-na Ýazmaça Jogap Berdi

Russiýanyň hökümeti resmi Waşingtonyň Russiýa-Ukraina meselesinde dartgynlygyň azaldylmagy üçin hödürlän tekliplerine ýazmaça jogap berdi.

1771388
Russiýa ABŞ-na Ýazmaça Jogap Berdi

Amerikan metbugatyna beýanat beren we adynyň tutulmagyny isleýän ýokary derejeli resmi ABŞ-nyň Ukraina meselesindäki tekliplerine Russiýadan jogap gelendigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň resmisi; Russiýadan ýazmaça jogap alandygymyzy aýdasym gelýär. Jogabyň detallaryny halk köpçüliginiň öňünde seljermek ýerliksiz bolar. Şol sebäpli hem jogaplar hakynda beýanat bermegi Russiýa goýýarys” diýdi.

Resmi; “Biz meseleleriň çözülmegi üçin dialogyň tarapynda durmaga dowam edýäris, Ukraina bilen birlikde hyzmatdaşlarymyz we ýaranlarymyz bilen ýakyn aragatnaşygymyzy dowam etdireris” diýdi.

ABŞ bolsa Russiýanyň howpsuzlyk kepillikleri hakyndaky tekliplerine geçen hepde jogap beripdi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken 26-njy ýanwarda ofisinde geçiren metbugat ýygnagynda Russiýanyň Gündogar Ýewropa boýunça howpsuzlyk tekliplerine ýazmaça jogap berendiklerini aýdypdy.

Ýazmaça jogagyň mazmuny hakynda halk köpçüligine maglumat berip bilmejekdiklerini aýdan Blinken, Russiýa möhüm diplomatik alternatiwler hödürländiklerini nygtapdy.

Blinken Russiýanyň “Ukrainanyň NATO agzalyga kabul edilmezligi” hakyndaky talabyna oňyn jogap bermändiklerini we NATO-nyň “açyk gapylar syýasatynda” haýsydyr bir üýtgetmäniň ýokdugyny aýdypdy.



Degişli Habarlar