NATO Russiýanyň teklibine bu hepde jogap berer

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň geçen aý NATO beren teklibine bu hepde ýazmaça häsýetde jogap beriljekdigini habar berdi

1768348
NATO Russiýanyň teklibine bu hepde jogap berer

CNN telewideniýe kanalyna beýanat beren Ýens Stoltenberg, Kremliň tekliplerine jogap garaşýandyklary baradaky beýanatyndan soň, NATO-nyň ýazmaça jogabyny bu hepde ugratjakdyklaryny mälim etdi. 

Stoltenberg: "Häzirki wagtda tekliplerimzi ýazmaça görnüşe geçirýäris. Bu hepde özlerine ugradarys. Muny ABŞ bilen parallelikde amala aşyrarys, sebäbi ABŞ hem birnäçe hepde ozal ylalaşyk teklibini alypdy. Şolar ýaly görnüşde biz hem teklip alypdyk. Esasy ugurlary oturyp, gepleşikler geçirmäge taýardygymyzy aýdarys" diýip aýan etdi. 

Stoltenberg ýaraglaryň gözegçiligi, ýaragsyzlanma, harby işlerde açyklyk, howplary peseltmek mehanizmi we Ýewropanyň howpsuzlygy bilen baglanşykly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýadyklaryny habar berdi. 

"Russiýanyň aladalaryny diňlemäge taýardyrys" diýip aýdan Stoltenberg, Ukraina-Russiýa krizisine çözgüt üçin entegem diplomatik ýoluň bardygyny beýan etdi. 

Stoltenberg, onuň üçin bolsa Russiýanyň dartgynlygy azaltmagynyň we NATO bilen gowy niýediň içinde gepleşikler geçirmäge taýar bolmagynyň gerekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar