Jo Baýdeniň Ukraina Goşun Ugratma Niýeti Ýok

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ukraina goşun ugratma niýetiniň ýokdugyy habar berildi.

1768437
Jo Baýdeniň Ukraina Goşun Ugratma Niýeti Ýok

Ak Tamyň metbugat Sekretary Ýen Psaki gündelik metbugat ýygnagynda Russiýanyň Ukrainany basyp alma howpunyň dowam edýandigini, emma onuň haçan boljakdygy hakynda çaklamalarynyň ýokdugyny aýtdy.

Ýen Psaki; “Putiniň kellesindäki pikirleri okap bilemizok” frazasyny ulandy.

Psaki ABŞ-nyň ençeme ssenari boýunça taýarlyk görendigini nygtap; “Bizin saýlap alan ýolumyz diplomatiýa, emma serhet zolagynyň hereketlenýändigini görýäris” diýdi.

Baýdeniň häzirki wagtda NATO-nyň gündogar bölegine üns berýändigini nygtan Psaki; “Aýdyňlaşdyrmak üçin aýdýaryn, Baýdeniň Ukraina goşun ugratma niýeti ýa-da islegi ýok” diýdi.

Jo Baýden bolsa Ukrainany basyp alan haklatynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine sanksiýa goýuljakdygyny aýtdy.

Baýden paýtagt Waşingtondaky kärhanalardan birine baranda, žurnalistlerinň soraglaryna jogap berdi.

Žurnalistlerden biriniň “Ukrainany basyp alsa Putina sanksiýa goýarsyňyzmy” diýlen soragyna Baýden; “Hawa” diýip jogap berdi.

Baýden NATO-nyň Gündogar bölegindäki ýurtlaryň goralmagy üçin 8,500 Amerikan esgeriniň hüşgär ýagdaýda garaşýandygyny we şol esgerleriň bir böleginiň golaýda Ýewropa barjakdyhyny beýan edip; “NATO agza ýurtlar aladalanmasyn, NATO olaryň goranyşyny üpjün eder” diýdi.

Ukrainany basyp alan halatynda Russiýa üçin onuň agyr ykdysady netijeleriniň boljakdygyny beýan eden Baýden, “Ukraimna Amerikan ýa-da NATO goşunlaryny ornaşdyrma meýilnamamyz ýok” diýdi.

Baýden Putine hem basyp almagyň netijesiniň “iňňän agyr” boljakdygyny duýdurandygyny nygtrap; “Oňa eger-de Ukraina serhede getiren goşunlary bilen çozuş edäýse, 2-nji Jahan urşundan bäri iň uly basyp alyjylyk boljakdygyny aýtdym. Ol, bütin dünýäni özgerder” diýdi.

 



Degişli Habarlar