ABŞ Kiýewdäki Diplomatlarynyň Maşgala Agzalarynyň Ýurtdan Çykmagy Üçin görkezme Berdi

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy guralmagy ähtimal rus hüjümi sebäpli Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki ilçihanasynyň işgärleriniň maşgala agzalaryna ýurtdan çykmaklary boýunça görkezme berdi.

1767125
ABŞ Kiýewdäki Diplomatlarynyň Maşgala Agzalarynyň Ýurtdan Çykmagy Üçin görkezme Berdi

Döwlet sekretarlygy Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda möwç alýan dartgynlyk sebäpli Ukraina syýahat etmezlik hakynda bildiriş çap etdi.

Bildirişde; “2022-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda döwlet Sekretarlygy dowam edýän rus harby operasiýasy howpy sebäpli ABŞ-nyň Kiýew şäherinde ýerleşýän İlçihanasynda gönüden işleýän işgärleriň meýletin ýagdaýda Ukrainadan gaýtmagyna rugsat berdi we diplomatik maşgala agzalarynyň çykmagy üçin görkezme berdi. ABŞ-nyň Ukrainadaky raýatlary ähli şertlerden peýdalanyp, ýurtdan çykmagy göz öňünde tutmalydyr” diýilýär.

Russiýanyň Ukraina garşy harby operasiýa guramagy meýilleşdirýändigi hakyndaky habarlaryň bardygyna üns çekilen beýannamada; “Esasanda Ukraina serhedinde Russiýa tarapyndan basylyp alynan Krymda we Russiýanyň gözegçiligindäki gündogar Ukrainada howpsuzlyk şertleri durnuksyz” diýilýär.

Beýannamada guralmagy ähtinal harby operasiýada ABŞ-nyň Ukrainadaky diplomatik işleriniň hem zyýan görjekdigi nygtalyp, Ukrainadaky Amerikan raýatlaryndan-da aragatnaşyk üçin onlaýn form doldurmaklary talap edildi.



Degişli Habarlar