ABŞ-da zamun krizisi başdan geçirilýär

ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýaragly bir hüjümçiniň sinagogda rawwin bilen birlikde ençeme adamy zamun alandygy we Federal Derňew Býurosynyň (FBI) işe girişendigi habar berildi

1763259
ABŞ-da zamun krizisi başdan geçirilýär

Tehas ştatynyň Kolliwill şäheriniň Polisiýa gullugy, Twitter hasabyndan beren beýanatda, bir hüjümçiniň sinagogdaky adamlary zamun alandygy mälim edildi. 

Irden dini ritual geçirilýän mahaly bir hüjümçiniň sinagoga girip jöhitleriň ruhany adamy rawwin bilen birlikde sinagogyň içindäki her kimi zamun alandygy, SWAT toparynyň işe girişendigi aýan edildi. 

Ýerli çeşmelere görä zamun alynan 4 adamyň biri birnäçe sagat soň azat edildi. 

Tehas ştatynyň gubernatory Greg Abbott Twitterden beren beýanatynda: "Edýän dogalarymyz ýerine barýar. Sinagogda zamun alynan adamlaryň biri ýaralanmadan halas boldy. Entegem 3 adam bar. Kolliwill şäheriniň häkimi bilen gürrüňdeş boldym we ştat derejesinde doly goldawa taýardygymyzy aýtdym" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Ak Tam ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene waka bilen bagly maglumat berilendigini we wakalara ýakyndan gözegçilik edilýändigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #Tehas , #ABŞ , #zamun , #rawwin , #sinagog

Degişli Habarlar