Donbasda 1 Ukrain Esgeri Ýogaldy

Ekstremistleriň düýn Nowotoşsiwske etrabynda ylalaşygy basgylandygy nygtaldy.

1761289
Donbasda 1 Ukrain Esgeri Ýogaldy

Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Donbasda, Russiýanyň tarapdary ekstremistleriň ot açandygy sebäpli ukrainaly 1 esger ýogaldy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinden berlen beýannamada, ekstremistleriň düýn Nowotoşsiwske etrabynda ylalaşygy basgylandygy nygtaldy.

Beýannamada, ekstremistleriň guran hüjümi sebäpli ukrainaly 1 esgeriň ýogaldygy bellenildi.

Paýtagt Kiýewde döwrüň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ÝB bilen Hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşandygy sebäpli 2013-nji ýylyň 21-nji noýabrynda protest ýörişleri başlapdy.

Ýanukowiçiň protest ýörişleriniň möwjemegi sebäpli 2014-nji ýylyň fewral aýynda ýurdy terk etmeginden soň ýurduň gündogaryndaky Donbas welaýatynyň Donetsk we Lugansk şäherlerinde Russiýanyň tarapdary ekstremistler garaşsyzlyklaryny yglan edipdi.

Ekstremistler bilen ukrain hökümetiniň arasynda 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 13 müňden gowrak adam ýogaldy.


Etiketkalar: #ekstremist , #esger , #Donbas , #Ukraina

Degişli Habarlar