Pakistanda ýagyşly garyň ýagmagy netijesinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Pakistanyň Murree şäherinde ýagyşly garyň ýagmagy netijesinde ulaglaryndan çykyp bilmän doňup ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi

1759448
Pakistanda ýagyşly garyň ýagmagy netijesinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ýurdyň metbugatynda berilýän habarlara görä paýtagt Yslamabad şäherine 70 km uzaklykda bolan Murree şäherinde we Galiýat sebitinde 7-nji ýanwarda agşam ýagyşly gar ýagmaga başlady. 

Murree şäherinde ulaglaryndan çykyp bilmän, üşäp ýogalan adamlaryň sany 13-e ýetdi. 

Resmiler ýagyşly gar sebäpli kyn ýagdýada galan ençeme adamyň ulaglaryny terk edip myhmanhanalara sygynmak üçin hereket edendiklerini aýan etdiler. 

Sebitdäki gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #Yslamabad , #Pakistan

Degişli Habarlar