Eýranda ýangyç tankeri partlady

Eýranyň Senendek şäherinde ýangyç tankeriniň agdarylmagy netijesinde bolan partlamada 2 adam ýogaldy

1759494
Eýranda ýangyç tankeri partlady

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, düýn agşam Senendek şäherinde düzüminde ýangyç bolan tankeriniň agdarylmagy netijesinde partlama boldy, waka sebäpli şäheriň tebigy gaz geçiriji turbasynda ýangyn ýüze çykdy.

Wakada 2 adamyň ýogalandygy, 6 adamyň ýaralanandygy, golaýdaky 30 öýüň we 15 ulagyň ýanandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #tanker , #ýangyç , #Eýran

Degişli Habarlar