Ysraýylyň we Britaniýanyň Premýer-ministri Eýran Hakynda Pikir Alyşdy

Bennet bilen Jonson telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1757156
Ysraýylyň we Britaniýanyň Premýer-ministri Eýran Hakynda Pikir Alyşdy

Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Bennet, Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen Eýranyň ýadro maksatnamasy we Wenada geçirlen halkara gepleşikler hakynda pikir alyşdy.

Ysraýylyň hökümeti tarapyndan berlen beýannama görä, Bennet, Britaniýanyň Premýer ministri Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Eýranyň ýadro maksatnamasy we Wenada geçirlen halkara gepleşikler bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Iki kärdeşiň koronawirusyň Omikron görnüşine garşy göreş üçin sanjymlama işleri hakynda hem pikir alyşandygy bellenildi.



Degişli Habarlar