Hytaýda ýeriň süýşmegi netijesinde 14 adam ýogaldy

Hytaýyň günorta-günbatarynda gurluşyk meýdançasynda ýeriň süýşmegi netijesinde 14 adam ýogaldy

1756847
Hytaýda ýeriň süýşmegi netijesinde 14 adam ýogaldy

Hytaýyň Global telewideniýe torunyň berýän habaryna görä, resmiler ýurdyň Guijou welaýatynyň Bijie şäherindäki gurluşyk meýdançalarynyň birinde ýer süýşgünleriniň bolandygyny habar berdiler. 

Wakada 17 adamyň ýeriň aşagynda galandygy mälim edildi. 

Ýeriň aşagynda galan 3 adam halas edilip ýetişilen hem bolsa, 14 adamyň ýogalandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar